“Ýewropa Täze Çaknyşygyň Hötdesinden Gelip Bilmez”

Borrel, Kosowanyň demirgazygynda başdan geçirilýän dartgynlygyň artmagyna sebäp bolan wakalar hakynda beýannama beri.

1993214
“Ýewropa Täze Çaknyşygyň Hötdesinden Gelip Bilmez”

ÝB-nyň Daşarky gatnaşyklardan we howpsuzlykdan jogapkär ýokary wekili Borrel, Kosowanyň demirgazygynda möwjän dartgynlyk hakynda durup geçdi we Ýewropanyň täze çaknyşygyň hötdesinden gelip bilmejekdigini belledi.

Borrel, Belgiýanyň paýtagty Brýusselde Kosowanyň demirgazygynda başdan geçirilýän dartgynlygyň artmagyna sebäp bolan wakalar hakynda beýannama beri.

ÝB-niň zulumy we çaknyşyklary ýazgarýandygyny nygtan Borreli NATO-nyň Kosowa parahatçylyk güýji KFOR-a goldaw berýändiklerini nygtady.

Borrel Kosowanyň Premýer-ministri Albin Kurti we Serbiýanyň Prezidenti Aleksander Wuçiç bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçendigini nygtap, “Iki tarapa hem gyssagly we şertsiz dartgynlygyň gowşamagy üçin degişli çäreleriň görülmegi barada çagyryş berdim. Dartgynlyga meçew berýän çykyşlardan gaça durulmagy we gaýtadan durnuklylyk üpjün edilmeli” diýdi.

Borrel, munyň üçin ilkinji etapda Kosowanyň howpsuzlyk güýçleriniň ýurduň demirgazygyndaky häkimliklere guraýan operasiýasyny bes etmegine, serp protestçylar hem yza çekilmegini garaşýandygyny ýatlatdy.

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar