ABŞ-da ýaragly hüjüm guraldy

ABŞ-nyň Florida ştatynda guralan ýaragly hüjümde 9 adam ýaralandy

1992999
ABŞ-da ýaragly hüjüm guraldy

Florida ştatynyň Golliwud Kenarýaka ýolunda bir hüjümçi çem gelen ýere od açdy. 

Polisiýa gullugynyň metbugat geňeşçisi wakada 9 adamyň ýaralanandygyny habar berdi. 

Ýaralanan adamlaryň arasynda çagalaryň hem bardygy mälim edildi. 

Waka bilen bagly 1 adamyň göz tussaglygyna alynandygy, ýene-de 1 adamyň hem gözlenýändigi aýan edildi.



Degişli Habarlar