Kolumbiýada 5,7 bal ululygynda ýer titremesi boldy
Ýer titreme ýurduň paýtagty Bogota şäheri bilen birlikde beýleki sebitlerde hem duýuldy
Kolumbiýanyň Geologiýa gullugy güýç merkezi ýurduň Santander sebitiniň Los Santos şäherçesi bolan 5,7 bal ululygyndaky ýer titremäniň, ýerli wagt bilen sagat 10:47-de we ýeriň 152 km aşagynda bolandygyny habar berdi.
Kolumbiýanyň Prezidenti Gustawo Petro Twitter hasabyndan beren beýanatynda, ýer titremede häzirki wagta çenli hiç hili adam pidalarynyň ýa-da ýaralanmalaryň bolmandygyny habar berdi.
Ýer titreme ýurduň paýtagty Bogota şäheri bilen birlikde beýleki sebitlerde hem duýuldy.
Kolumbiýanyň Geologiýa gullugy birnäçe minut soň güýç merkezi Los Santos şäherçesi bolan 3,6 bal ululygynda ýene-de bir ýer titremäniň bolandygyny mälim etdi.
Degişli Habarlar
Russiýa Donetsk sebitindäki Nowokalinowo basyp aldy
Russiýa Donetsk sebitindäki Nowokalinowo ýaşaýyş zolagyny ele geçirendiklerini habar berdi
Ispaniýa, Malta, Irlandiýa we Sloweniýa Palestinany Ykrar Eder
Borrel,Palestinany ykrar etjek Ýewropa ýurtlary hakynda durup geçdi.