Eýran: "Taliban bilen gepleşikler geçirildi, meseleler çözüldi" diýdi

Eýranyň Içeri işler ministri Ahmed Wahidi serhetde bolan çaknyşyklardan soň, Talibanyň resmileri bilen gepleşikleriň geçirilendigini, meseläniň çözülendigini we serhetlerde howpsuzlygyň üpjün edilendigini mälim etdi

1992226
Eýran: "Taliban bilen gepleşikler geçirildi, meseleler çözüldi" diýdi

Eýranyň Döwlet telewideniýesine beýanat beren Içeri işler ministri Ahmed Wahidi, Eýranyň Serhet goragçylary bilen Taliban güýçleriniň arasynda Sistan-Belujistan welaýatynyň Hirmand etrabyndaky Sasuli serhet birikmesiniň golaýynda başdan geçirilen ýaragly çaknyşyklaryň üstünde durup geçdi. 

Çaknyşykda Talibana gerek bolan garşylygyň görkezilendigini aýdan Wahidi: "Gysga möhletli çaknyşyk boldy. Taliban bilen gepleşikler geçirildi, meseleler çözüldi. Häzirki wagtda bir mesele ýok, serhet asuda we açyk" diýip belledi. 

Eýran Serhet gullugy bilen Taliban güýçleriniň arasynda serhetde başdan geçirilen çaknyşyklaryň netijesinde eýranly 2 esgeriň ýogalandygy habar berilipdi. 

Taliban bolsa bir agzasynyň ýogalandygyny mälim edipdi. 

Taraplar biri-birlerini çaknyşyklary başlatmak bilen günäkärläpdi. 


Etiketkalar: #serhet , #Taliban , #Eýran

Degişli Habarlar