Eýran-Owganystan serhedinde çaknyşyklar boldy

Eýran-Owganystan serhedinde bolan ýaragly çaknyşyklarda, eýranly 2 serhetçi bilen Taliban güýçlerinden 1 adam ýogaldy

1991890
Eýran-Owganystan serhedinde çaknyşyklar boldy

Eýranyň ýarym resmi Pars habarlar agentliginiň sebitdäki çeşmelerine esaslanyp beren habaryna görä, Eýranyň Sistan-Bulujystan welaýatynyň Hirmend etrabyndaky Sasuli serhet birikmesiniň golaýynda Talibanyň serhet güýçleri bilen Eýranyň Serhet gullugynyň arasynda ýaragly çaknyşyklar boldy. 

Eýranyň resmi IRNA habarlar agentliginiň berýän habaryna görä bolsa, Serhet gullugy serkerdeligi tarapyndan berilen beýanatda serhetdäki çaknyşyklarda 2 eýranly esgeriň ýogalandygy, 2 adamyň hem ýaralanandygy mälim edildi. 

Çaknyşyklarda Taliban güýçlerinden hem köp sanda ýitgi çekilendigi aýan edildi. 

Talibanyň wagtlaýyn hökümetiniň Goranmak ministrligi bolsa eýranly esgerleriň Nimroz welaýatynyň Kang etrabynyň serhet zolagyna od açmagynyň, taraplaryň arasynda çaknyşyklaryň başlamagyna sebäp bolandygyny habar berdi. 

Talibanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Abdulnafi Tekur hem Twitter hasabyndan beren beýanatynda, çaknyşyklaryň netijesinde taraplaryň her birinden 1 adamyň ýogalandygyny we köp sanda adamyň ýaralanandygyny aýan etdi. 

Eýran bilen Talibanyň arasynda soňky günlerde Hilmend derýasyndaky suw paýlanşygy babatynda dartgynlyklar başdan geçirilýär. 

Taliban dolanşygy sebitdäki gurakçylyk sebäpli Hilmend derýasynyň ugrundaku Kejeki suw howdany bilen Kemal Han derýasynda suwuň mukdarynyň azalandygyny we şol sebäpli Eýrana suwuň baryp ýetmeýändigini aýdýan bolsa, Eýran bolsa tehniki wekiliýetiň suw howdanlaryna baryp, şol ýagdaýy tassyklamagynyň gerekdigini beýan edýär. 

Talibanyň 2021-nji ýylda Owganystanyň başyna geçmeginden soň Pakistan we Eýran serhet güýçleri bilen Talibanly güýçleriň arasynda wagtal-wagtal çaknyşyklar başdan geçirilýär. 



Degişli Habarlar