Russiýa şwesiýaly 5 diplomaty islenmeýän adam yglan etdi

Russiýa şwesiýaly 5 diplomaty islenmeýän adam yglan etmek barada karara geldi

1991135
Russiýa şwesiýaly 5 diplomaty islenmeýän adam yglan etdi

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda, Şwesiýanyň 25-nji aprelde 5 rus diplomaty islenmeýän adam yglan edendigi ýatladyldy. 

Onuň duşmançylykly bir ädimdigi we ikitaraplaýyn gatnaşyklara zeper ýetirendigi bellenen beýanatda, şol sebäpli Şwesiýanyň Moskwa şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Malena Mardyň Daşary işler ministrligine çagyrylandygy beýan edildi. 

Beýanatda ilçä ikitaraplaýynlylyk ýörelgesine laýyklykda Şwesiýanyň Moskwa şäherindäki ilçihanasynda goranmak meseleleri bilen gyzyklanýan 3 işgär bilen birlikde jemi 5 şwesiýaly diplomatyň islenmeýän adam yglan edilendigi barada maglumat berilendigi habar berildi. 

Mundan başgada Russiýanyň Şwesiýanyň Gýoteborg şäherindäki baş konsullugynyň 1-nji sentýabrdan başlap işleriniň bes edilmegi barada karar kabul edilendigi bellenen beýanatda: "Ilçä rus tarapynyň 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap Şwesiýanyň Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherindäki baş konsullygynyň işlerine beren rugsatnamasyny ýatyrandygy barada maglumat berildi" diýip nygtaldy. 



Degişli Habarlar