Putin Moskwada Aliýew we Paşinýan Bilen Duşuşdy

Duşuşykda düşnüşmezlikler we meseleler boýunça pikir alyşyldy.

1991031
Putin Moskwada Aliýew we Paşinýan Bilen Duşuşdy

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Moskwada Azerbaýjanyň Przidenti İlham Aliýew we Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen Azerbaýjan-Ermenistan meselesi boýunça duşuşyk geçirdi.

Putin Kremlde Aliýew we Paşinýan bilen ilki ikiçäk duşuşyklar geçirdi.

Duşuşyklardan soň üç lideriň maslatynda Putin çykyş etdi.

Putin maslahata gatnaşandyklary üçin minnetdarlygyny bildirip; “Duşuşygyň birnäçe wagtdan bäri gün tertibinde bolan käbir meseleleriň iş ýüzünde çözülmegi üçin netijeli bolmagyny tama edýärin” diýdi.

Şu formatda geçirilen maslahatda köp sanly netijeleriň alynandygyna üns çeken Putin, 2020-nji ýylda çaknyşyklaryň bes edilendigini, ykdysady we ulag gatnaşykalrynyň açylmagy, serhetleriň kesgitlenmegi boýunça işlere başlanandygyny ýatlatdy.

Putin; “Käbir kynçylyklare we meselelere garamazdan umuman şertler çözgüde tarap barýar. Bularyň biri ulag-gatnaw baglanşyklary boýunça işler. Henizem çözülmedik meseleler bar. Emma meniň pikirimçe olar diňe tehniki häsýetli” diýdi.

Russiýanyň, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň premýer-ministrleriniň orunbasarlarynyň bir hepde soň bu meseleleri ara alyp maslahatlaşmak we çözmek üçin duşuşyk geçirmegini teklip eden Putin, bu meselede Aliýewden we Paşinýandan goldaw aldy.

Putin; “Bu, heniz çözülmedik meseleleriň çözülmegi üçin umytlandyryjy ylalaşyk” diýdi.

Üçtaraplaýyn maslahat 20 minut dowam etdi.

 



Degişli Habarlar