Fransiýanyň Prezidenti ukrainaly kärdeşi Zelenskiý bilen duşuşdy

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Twitter hasabyndan geçirilen duşuşyk bilen bagly wideo paýlaşdy

1988787
Fransiýanyň Prezidenti ukrainaly kärdeşi Zelenskiý bilen duşuşdy

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron we Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý, G7 Liderler sammitiniň geçirilen ýeri bolan Ýaponiýanyň Hirosima şäherinde duşuşyk geçirdiler. 

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Twitter hasabyndan geçirilen duşuşyk bilen bagly wideo paýlaşdy. 

Duşuşykda Emmanuel Makron, Wladimir Zelenskä G7 sammitine gelmeden ozal Saud Arabystanyna sapar guramagynyň möhümdigini beýan etdi. 

Emmanuel Makron bu ýere gelmeginiň Wladimir Zelenskiýniň G7-ä agza ýurtlaryň liderleri bilen duşuşyk geçirmegi taýdan uly mümkinçilikdigini belläp, mundan başgada Ukrainanyň Prezidentiniň sammitde günorta ýarym şaryň ýurtlarynyň liderleri bilen duşuşyk geçirip biljekdigini habar berdi. 

Zelenskiýniň sammite gatnaşmagynyň Ukraina üçin oýun üýtgediji bolup biljekdigini aýdan Makron, Ukraina-Russiýa söweşiniň başlan gününden bäri Fransiýanyň Ukrainanyň ýanynda bolandygyny beýan etdi. 

Zelenskiý berýän goldawlary üçin Makrona minnetdarlyk bildirdi. 

Zelenskiý bolsa geçiren duşuşygy bilen bagly Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Fransiýanyň harby uçar babatynda berýän goldawlarynyň we ukrainaly uçarmanlaryň ýetişdirilmekleri bilen bagly tälim missiýasyna berýän goldawynyň möhümdigini habar berdi. 



Degişli Habarlar