Katar, Gara Deňiz Galla Geçelgesi Ylalaşygynyň Möhlediniň Uzadylmagyna Kanagatlanma Bildirdi

Katar, Türkiýe bilen BMG-nyň ylalaşygyň möhlediniň ýene-de 2 aý uzadylmagy üçin eden tagallasyny takdyr etdi

1988506
Katar, Gara Deňiz Galla Geçelgesi Ylalaşygynyň Möhlediniň Uzadylmagyna Kanagatlanma Bildirdi

 

Katar, Türkiýe bilen BMG-nyň ukrain gallasynyň dünýä bazarlaryna ýetirilmegi taýdan uly rol oýnaýan ylalaşygyň möhlediniň ýene-de 2 aý uzadylmagy üçin eden tagallasyny takdyr etdi.

Kataryň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Gara deňiz galla geçegesi ylalaşygynyň möhlediniň uzadylmagyna kanagatlanma bildirildi.

Beýannamada, galla ylalaşygynyň dünýäde azyk krizisiniň ortadan aýrylmagy taýdan möhümdigi bellenildi we BMG bilen Türkiýäniň bu meselede eden tagallasyny takdyr edýändikleri nygtaldy.

Beýannamada, Kataryň, Russiýa-Ukraina krizisiniň parahatçylykly ýagdaýda çözülmegi üçin halkara derejesinde edilýan tagallalara goldaw berýändigi ýatladyldy.

Prezident R. T. Erdogan möhledi 18-nji maýda dolan Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygynyň 2 aý uzadylandygy habar beripdi.

Türkiýäniň, Ukrainanyň, Russiýanyň we BMG-nyň arasynda 2022-nji ýylyň 22-nji iýylynda Stambulda Gara deňiz galla geçelgesi meselesinde ylalaşyk gazanylypdy.



Degişli Habarlar