Paşinýan: "Azerbaýjanyň territorial bütewiligini ykrar edýäris" diýdi

Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan, Azerbaýjanyň territorial bütewiligini ykrar edýändiklerini habar berdi

1988209
Paşinýan: "Azerbaýjanyň territorial bütewiligini ykrar edýäris" diýdi

Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan, Islandiýada geçirilen Ýewropa Geňeşiniň maslahatynda Azerbaýjan bilen geçirilýän gepleşikler tapgyry barada gürrüň berdi. 

Hepdäniň ahyrynda Ýewropa geňeşiniň başlygy Şarl Mişeliň araçylyk etmeginde gepleşiklerde öňe gidişlik edendiklerini aýdan Paşinýan, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň biri-birleriniň territorial bütewilikleirni ykrar edýändiklerini habar berdi. 

Azerbaýjanyň we Ermenistanyň Daşary işler ministrleri şu gün Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde duşuşyk geçirerler. 

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ýer eýeçiik etmeginde geçiriljek maslahatda parahatçylyk ylalaşygy bilen baglanşykly gepleşikler geçiriler. 

25-nji maýda bolsa Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, Azerbaýjanyň we Ermenistanyň liderleri bilen Moskwada üçtaraplaýyn maslahat geçirer. 



Degişli Habarlar