Hytaýda "Merkezi Aziýa-Hytaý" sammiti geçirilýär

Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň 5 ýurduny bir ýere jemlän "Hytaý-Merkezi Aziýa" sammiti, gadymy Ýüpek Ýolunyň başlangyç nokady hökmünde kabul edilýän Hytaýyň Şenşi welaýatynyň Sian şäherinde geçirilýär

1988396
Hytaýda "Merkezi Aziýa-Hytaý" sammiti geçirilýär

Sammitiň açylyş dabarasy Sian şäheriniň demirgazygynda Hytaýda 7-10-njy asyr aralygynda höküm süren Tan dinastiýasyna bagyşlanyp gurulan Jennet seýilgähiniň içindäki Benewşe Bulut köşkünde geçirildi. 

Hytaýyň Döwlet baştutany Si Szinpin we aýaly Ping Liýuen, myhman liderleri we olaryň aýallaryny köşküň öňünde durup garşyladylar. 

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň ýer eýeçilik etmeginde geçirilýän sammite Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jömert Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew gatnaşýar. 

Liderler sammitiň çäginde berilen naharda bir ýere jemlendiler. 

Hytaýyň Döwlet baştutany Si Szinpin beren beýanatynda, gadymy Ýüpek Ýolunyň başlangyç nokady bolan Şenşi welaýatynyň 2 müň ýyl bäri Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky berk dostluk gatnaşyklaryna şaýatlyk edýändigini belläp: "Halklarymyz müň ýyllap önümlerini we pikirlerini alyş-çalyş etdiler, biri-birinden öwrenip adamzat taryhynda medeniýetleriň arasyndaky täsirli sahypa bolan gadymy Ýüpek Ýolunyň kaşaňlygyny bilelikde döretdiler" diýip aýtdy.

Hytaý bilen Merkezi Aziýa Respublikalarynyň 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyndan bäri, halkara gurşawdaky üýtgeşmelere garamazdan hemişe biri-birine hormat goýandygyny we goldaw berendigini, gowy goňşuçylyk we ikitaraplaýyn bähbit gözleginde bolandyklaryny aýdan Si Szinpin, gatnaşyklaryň wagtyň dowamynda taryhy galkynyş esasynda gowy goňşuçylykdan strategik hyzmatdaşa we umumy geljegi paýlaşýan jemgyýete öwrülendigini beýan etdi. 

Si Szinpin Hytaý-Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň bu nesildäki liderleriň geljekleri bilen bagly umumy strategik saýlawydygyny, sammitiň gatnaşyklarda täze bir döwrüň başlangyjy boljakdygyny doly ýagdýada ynanýandygyny belledi. 

Hytaý-Merkezi Aziýa sammit Pekin bilen Merkezi Aziýa Respublikalarynyň arasyndaky "C+C5" hyzmatdaşlygyň döwlet baştutanlary derejesindäki ilkinji maslahaty bolar. 



Degişli Habarlar