Serbiýanyň paýtagty Belgrad şäherinde bomba howsalasy başdan geçirilýär

Serbiýanyň paýtagty Belgrad şäherinde käbir mekdepler bombanyň ýerleşdirilendigi barada alynan maglumatyň esasynda boşadyldy

1987603
Serbiýanyň paýtagty Belgrad şäherinde bomba howsalasy başdan geçirilýär

Serbiýanyň Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, Belgrad şäherindäki 115 mekdebiň mail salgylaryna mekdeplere partlaýjylaryň ýerleşdirilendigi barada maglumatlar gelip gowuşdy. 

Alynan maglumatyň esasynda işe girişen Serbiýanyň polisiýa gullugy, degişli mekdeplerdäki okuwçylary, mugallymlary we işgärleri ewakuasiýa etdi. 

Mekdepleriň käbirlerinde geçirilen gözleg işlerinde bombanyň ýokdugy anyklandy, arakesme berilen sapaklar ýaňadandan başladyldy. 

Ewakuasiýa edilen beýleki mekdeplerde hem gözleg işleri tamamlanýança çenli sapaklara arakesme berildi. 


Etiketkalar: #mekdep , #bomba , #Belgrad , #Serbiýa

Degişli Habarlar