Nigeriýada amerikalylara garşy ýaragly hüjüm guraldy

Nigeriýanyň günorta-gündogaryndaky Anambra ştatynda, ABŞ-nyň ilçihanasynyň işgärlerine garşy guralan ýaragly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 4 adam ýogaldy

1987468
Nigeriýada amerikalylara garşy ýaragly hüjüm guraldy

Milli metbugatda berilen habarlara görä, ynsanperwer işleri üçin Anambra welaýatyna baran ABŞ-nyň Nigeriýadaky ilçihanasynyň işgärleri, Ogbaru sebitinde ýaragly hüjüme sezewar galdylar. 

Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 4 adam ýogaldy, köp sanda adam ýaralandy. 

ABŞ-nyň Abudža şäherindäki ilçihanasyndan berilen beýanatda, Amerikan ilçihanasynyň işgärleriniň wakanyň derňelmegi üçin Nigeriýanyň howpsuzlyk güýçleri bilen aragatnaşyk içindedigi habar berildi. 

Nigeriýanyň günortasynda terror guramasy Biafra ýerli halklary (IPOB) tarapyndan wagtal-wagtal şuňa meňzeş hüjümler guralýar.

Biafra halkynyň Nigeriýanyň günortasynda garaşsyz Biafra döwletini esaslandyrmak islegi bilen 1967-nji ýylda başladan gozgalaňda we içerki söweşde millionlarça adam ýogaldy. 

Ýurduň günorta-gündogarynda 1967-nji ýylda esaslandyrylan Biafra Respublikasy, içerki söweşiň netijesinde ýaňadandan Nigeriýanyň özygtyýarlylygynyň astyna giripdi. 


Etiketkalar: #ilçihana , #Nigeriýa

Degişli Habarlar