Nigeriýada etniki çaknyşyklar başdan geçirildi

Nigeriýanyň Nasarawa ştatynda iki etniki toparyň arasynda bolan çaknyşyklarda azyndan 15 adam ýogaldy

1987135
Nigeriýada etniki çaknyşyklar başdan geçirildi

Nasarawa ştatynyň Polisiýa gullugynyň metbugat geňeşçisi Ramhan Nansel beren beýanatynda, ştatyň Karu sebitinde maldarçylyk bilen meşgullanan 18 ýaşyndaky bir adamyň, şahsyýetleri anyklanmadyk adamlar tarapyndan öldürilmeginedn soň Tarkalafia we Kwaja etniki toparlaryň arasynda çaknyşyklaryň bolandygyny habar berdi. 

Ramhan Nansel çaknyşyklarda azyndan 15 adamyň ýogalandygyny, köp sanda adamyň ýaralanandygyny mälim etdi. 

Ýaralanan adamlaryň hassahanada bejergi astyna alynandygyny aýdan Nansel, wakalarda öýlere, ulaglara we ekerançylyk meýdanlaryna zyýan ýetendigini mälim etdi. 



Degişli Habarlar