Bosniýa-Gersegowinada we Horwatiýada sil apatlary başdan geçirilýär

Bosniýa-Gersegowinada we Horwatiýada aşa köp ýagan ýagyşlar sebäpli sil apatlary başdan geçirildi

1986915
Bosniýa-Gersegowinada we Horwatiýada sil apatlary başdan geçirilýär

Bosniýa-Gersegowina Federasiýasynyň Raýat goranyş edarasyndan berilen beýanatda, ýurduň demirgazyk-günbataryndaky Kražina sebitinde düýn agşam başlan ýagyşlar sebäpli käbir öýleri we iş ýerlerini suw basandygy, Una we Sana derýalaryndaky suwuň derejeleriniň tankydy görkezijä ýetendigi habar berildi. 

Bihaçdaky Kulen Wakuf ýaşaýyş zolagynda köp sanda öýi suw basandygy aýdylýan beýanatda, ýurduň beýleki sebitlerinde hem sil apat howpunyň bardygy aýan edildi. 

Bosniýa-Gersegowina Federasiýasynyň Meteorologiýa instituty, ýagyşlaryň ýurt derejesinde penşenbe gününe çenli dowam etjekdigi barada duýduryş berdi. 

Beýleki tarapdan Sanski Most şäheri sil apatyndan soň tebigy apat zolagy hökmünde yglan edildi. 

Horwatiýada aşa ýagan ýagyşlar Zadar sebitine täsir ýetirdi, şäherdäki ýollaryň aglabasy suwuň aşagynda galdy. 

Obrowas we Graças etraplarynda ýagyşlar sebäpli sil apatlarynyň başdan geçirilendigi we sebite ýangyn söndüriji gullugynyň we ewakuasiýa gaýyklarynyň ugradylandygy beýan edildi. 



Degişli Habarlar