Sudandaky Çaknyşyklar Dowam Edýär

Paýtagt Hartumda düýn gije güýçli çaknyşyklar boldy.

1983839
Sudandaky Çaknyşyklar Dowam Edýär

Sudanda harby goşun bilen HDK güýçleriniň arasyndaky çaknylyklar dowam edýär.

Paýtagt Hartumda düýn gije güýçli çaknyşyklar boldy.

Beýleki tarapdan iki tarap, Saud Arabystanynyň Jidde şäherinde geçirýän gepleşiklerini dowam etdirýär.

Düýn gije bolan çaknyşyklar sebäpli käbir fabriklerde ýangyn boldy.

Harby goşun, 3-nji maýda, hüjümleriň bes edelmegi baradaky ylalaşygyň ýene-de bir hepde uzadylmagyny göz öňünde tutýan Gündogar Afrika hökümetara galkynyş meýilnamasynyň teklibini kabul edendigini mälim edipdi.

HDK bolsa 5-nji maýda, ABŞ bilen Saud Arabystanynyň töwellaçylyk tagallasy netijesinde sebite ynsanperwer kömeginiň berilmegi üçin ylalaşygyň möhlediniň 72 sagat uzadylandygyny aýan edipdi.

 


Etiketkalar: #Hartum , #çaknyşyk , #Sudan

Degişli Habarlar