Slowakiýanyň premýer ministri wezipesinden çekildi

Slowakiýanyň premýer ministri Eduard Heger wezipesinden çekilendigini habar berdi

1983704
Slowakiýanyň premýer ministri wezipesinden çekildi

Russiýa-Ukraina söweşinde Kiýewi dolulygyna goldamak bilen özüni tanadan Eduard Heger, ýurduň prezidenti Zuzana Çaputowa wezipesinden çekilýändigi baradaky arzasyny berdi. 

Eduard Heger beren beýanatynda, ýurduň syýasy ýagdaýy we Slowakiýa üçin iň gowusyny arzuw edýändigi üçin şolar ýaly karar kabul edendigini habar berdi. 

Premýer ministri Eduard Hegeriň wezipesinden çekilmeginden soň ýurduň prezidenti Zuzana Çaputowa ýurdy sentýabr aýynda saýlawa alyp gitjek tehnokratik hökümetiň gurulmagy üçin karar kabul edendigini mälim etdi. 

Ýerli metbugata görä Zuzana Çaputowa hökümetiň gurulmagy üçin Slowakiýanyň Milli Bankynyň başlygynyň orunbasary Lýudowit Odory bellär. 



Degişli Habarlar