Serbiýanyň Prezidenti Bikanun Ýagdaýda Ýarag Edinenlere Ýaraglaryny Tabşyrmaklary Üçin Çagyryş Berdi

Wuçiç ýaraglanmanyň 90 göterim azaldylmagyna garaşýandyklaryny belledi

1983827
Serbiýanyň Prezidenti Bikanun Ýagdaýda Ýarag Edinenlere Ýaraglaryny Tabşyrmaklary Üçin Çagyryş Berdi

Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç, ýurtda bikanun ýagdaýda ýarag edinenlere ertirden başlap 1 aý möhlet bilen ýaraglaryny iň ýakyn polisiýa merkezine meýletin ýagdaýda tabşyrmaklary üçin çagyryş berdi.

Wuçiç, Serbiýanyň Radio-telewideniýe guramasynda eden çykyşynda, 3-nji maýda paýtagt Belgratda mepdepde 14 ýaşyndaky okuwçynyň guran hüjüminde 9 adamyň ýogalmagyndan we 5-nji maýda 21 ýaşyndaky hüjümçiniň çem gelen ýere od açmak bilen 8 adamy öldürmeginden soň ýurtda degişli çäreleriň görülmegi hakynda durup geçdi.

Bikanun ýagdaýda ýarag edinenlere ertirden başlap ýaraglaryny tabşyrmaklary üçin çagyryş beren Wuçiç, “Bikanun ýaraglaryň meýletin ýagdaýda tabşyrylmagy üçin 1 aý möhlet berýäris. Iň ýakyn polisiýa merkezine gidiň we ýaraglaryňyzy tabşyryň. Şol möhletden soň howpsuzlyk güýçleri öýleriňizde barlag geçirmäge başlar” diýdi.

Ýaraglanmanyň 90 göterim azaldylmagyna garaşýandyklaryny aýdan Wuçiç, “Ýarag edinmek rugsady bolan 50 müň adam hem yzygiderli ýagdaýda gözegçilik astyna bolar. Berlen çağyryşlara 48 sagadyň dowamynda oňyn jogap berilmän halatynda netijesi agyr bolar” diýdi.



Degişli Habarlar