Wagner Bahmut Sebitinden Çekilýär

Prigožin, ok-däri berilmeýändigi sebäpli 10-njy maýda Bahmutdan çekilmek barada karar kabul edendiklerini aýtdy.

1983240
Wagner Bahmut Sebitinden Çekilýär

Rus howpsuzlyk firmasy Wagneriň ýolbaşçysy Ýewgeniý Prigožin, ok-däri berilmeýändigi sebäpli 10-njy maýda Ukrainanyň Bahmut sebitinden çekilmek barada karar kabul edendiklerini aýtdy.

Ýewgeniý Prigožin, sosial mediadan beren habarnamasynda, Ukrainadaky söweşde ok-däri ýetmezçiligini başdan geçirýändiklerini aýtdy.

Başdan geçirýän kynçylyklary baradaky wideo ýazga ýer beren Ýewgeniý Prigožin, wideoda Wagner söweşijileriniň jesetlerini hem görkezdi.

Ýewgeniý Prigožin, şol söweşijileriň birileriniň perzendi, birileriniň bolsa kakasydygyny nygtady.

Söweşijileriň ok-däri ýetmezçiligi sebäpli öldürlendigine ünsi çeken Ýewgeniý Prigožin, ok-däri bermeýänleriň “jähennemde ýanjakdyklaryny” belledi.

Ýewgeniý Prigožin, ok-däri berilmeýändigi sebäpli 10-njy maýda Ukrainanyň Bahmut sebitinden çekilmek barada karar kabul edendiklerine ünsi çekdi.

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar