Eýran, Azerbaýjanly 4 Diplomady “Islenmeýän Adam” hökmünde Yglan Etdi

, Azerbaýjanyň Eýranly 4 diplomady “islenmeýän adam” hökmünde yglan edendigi sebäpli şeýle kararyň kabul edilendigi nygtaldy.

1983219
Eýran, Azerbaýjanly 4 Diplomady “Islenmeýän Adam” hökmünde Yglan Etdi

 

Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugynyň berýän habarynda, Eýranyň, Azerbaýjanyň Daşary işler ministrliginiň Tährandaky we Töwrizdäki 4 diplomadyny islenmeýän adam hökmünde kabul edendigi we geçen aý ýurtdan çykarandygy nygtaldy.

Habarda, Azerbaýjanyň Eýranly 4 diplomady “islenmeýän adam” hökmünde yglan edendigi sebäpli şeýle kararyň kabul edilendigi nygtaldy.

Azerbaýjan, 27inji ýanwarda Tährandaky ilçihanasyna guralan ýaragly hüjümden soň 29-njy ýanwarda Tährandaky hünärmenlerini yzyna çagyrypdy, 6-njy aprelde hem Eýranyň Azerbaýjandaky ilçihanasynda işleýän eýranly 4 diplomady “islenmeýän adam” hökmünde yglan edip, ýurtdan çykarylmaklaryny isläpdi.



Degişli Habarlar