Burkina-Fasoda Guralan Hüjümde 33 Esger Ýogaldy
Gourma welaýatynda harby merkeze şahsyýeti näbelli adamlar tarapyndan hüjüm guraldy
Burkina-Fasoda harby merkeze guralan hüjümde 33 esger ýogaldy.
Harby goşun tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada, Gourma welaýatynda harby merkeze şahsyýeti näbelli adamlar tarapyndan hüjüm guralandygy nygtaldy.
Beýannamada, çaknyşykda 40 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi, 33 esgeriň ýogalandygy, 12 esgeriň ýaralanandygy ýatladyldy.
Burkina-Faso, 2015-nji ýyldan bäri goňşy ýurt Mala ornaşan Al Kaida we DAEŞ bilen arabaglanşykly terrorçy toparlaryň guraýan hüjümleriniň nyşany bolýar.
Degişli Habarlar
Talyplar Ysraýylyň Gaza Guraýan Hüjümlerine Garşylyk Görkezýär
Şweýsariýadaky Zurih uniwersitetiniň talyplary hem Ysraýylyň hüjümlerine berk garşylyk görkezýär.
Meksikada 10 adamyň jesedi tapyldy
Meksikanyň Guerrero welaýatynda ýarag bilen öldürilendikleri anyklanan 10 adamyň jesedi tapyldy