Pakistanda Bolan Partlamada 12 Polisiýa Işgäri Ýogaldy

Içeri işler müdürliginiň Terrora garşy göreş gullugynyň merkezi jaýynda, ýarag ammarynda partlama boldy.

1978946
Pakistanda Bolan Partlamada 12 Polisiýa Işgäri Ýogaldy

Pakistanyň Swat sebitinde bolan partlamada azyndan 12 polisiýa işgäri ýogaldy.

Pakistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Pakistanda Içeri işler müdürliginiň Terrora garşy göreş gullugynyň merkezi jaýynda, ýarag ammarynda partlama boldy.

Partlamada binanyň dolulygyna ýykylandygy, ilkinji kesgitlemere görä azyndan 12 polisiýa işgäriniň ýogalandygy, 60-dan gowrak adamyň hem ýaralanandygy nygtaldy.

Ýolbaşçylar wakada ýaralananlaryň bir böleginiň ýagdaýynyň agyrdygy sebäpli ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirýär.

Partlamadan soň ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri waka kamikaze hüjüminiň sebäp bolandygyny öňe sürdi.

Pakistanyň Premýer-ministri Şehbaz Şerif wakany berk ýazgaryp, “Halkymyz şehit bolan polisiýa işgärleri üçin ýas tutýar” diýdi.



Degişli Habarlar