Indoneziýanyň Sumatra Adasynda Ýer Titredi

Ýer titremesinden soň sunami duýduryşy berildi

1979140
Indoneziýanyň Sumatra Adasynda Ýer Titredi

 

Indoneziýanyň Sumatra adasynyň günbatarynda 7,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

Indoneziýanyň geofizika gullugy tarapyndan berlen beýannamada, Sumatra adasynyň günbatarynda bolan 7,3 bal ululygyndaky ýer titremesinden soň sunami duýduryşynyň berlendigi nygtaldy.

ABŞ-nyň geologiýa ylmy barlag merkezi bolsa Indoneziýada 7,1 bal ululygynda ýer titremesiniň bolandygyny mälim etdi.

Ýer titremesinde adam pidasynyň çekilip çekilmändigi barada heniz hiç hili maglumat berilmedi.



Degişli Habarlar