Baýden Bilen Makron Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Iki lider Makronyň Hytaý Halk Respublikasyna guran sapary we Hindi-Ýuwaş Umman sebitiniň durnuklylygy we howpsuzlygy hakynda pikir alyşdy”

1977861
Baýden Bilen Makron Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ak Tamdan berlen ýazmaça beýannamada, “Iki lider telefon söhbetdeşliginde Fransiýanyň Prezidenti Makronyň Hytaý Halk Respublikasyna guran sapary we Hindi-Ýuwaş Umman sebitiniň durnuklylygy we howpsuzlygy hakynda pikir alyşdy” diýildi.

Baýden bilen Makronyň Tawan bogazynda parahatçylygyň we durnuklylygyň goralmagy hakynda hem pikir alyşandygy we Ukraina goldaw bermäge dowam etjekdiklerine ünsi çekendigi nygtaldy.



Degişli Habarlar