ABŞ-da Ilkinji Gezek Bir Şäherde Oraza Baýramy Resmi Dynç Alyş Hökmünde Yglan Edildi

ABŞ-nyň Miçigan ştatynyň Dirborne şäherinde ýaşaýan musulmanlar, Oraza baýramynyn birinji gününde resmi taýdan dynç alar.

1977487
ABŞ-da Ilkinji Gezek Bir Şäherde Oraza Baýramy Resmi Dynç Alyş Hökmünde Yglan Edildi

 

ABŞ-nyň Miçigan Ştatynyň Dirbone şäherinde Oraza baýramynyň birinji güni resmi dynç alyş hökmünde yglan edildi.

ABŞ-nyň Miçigan ştatynyň Dirborne şäherinde ýaşaýan musulmanlar, Oraza baýramynyn birinji gününde resmi taýdan dynç alar.

Şäher häkimi Abdullah Hammoud, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren beýannamasynda, “İlkinji gezek bir şäherde Oraz baýramy resmi dynç alyş hökmünde yglan edýär we siziň ynanjyňyz hem beýlekiler ýaly resmi taýdan ykrar edilýär. Bu diýseň möhüm” diýdi.

2021-nji ýylda Dirboneniň şäher häkimi hökmünde saýlanan asly Liwanly Abdullah Hammoud, musulman jemagatynyň bu baýramda ilkinji gezek özüni “doglup kemala gelen şäheriniň bir bölegi hökmünde görjekdigini” belledi.

Kabul edilen karar bilen ABŞ-da ilkinji gezek şäher häkimliginiň işgärleri Oraza baýramynyň birinji gününde resmi taýdan dynç alar.

 

 

 



Degişli Habarlar