Tunisiň Mejlisiniň Ozalky Başlygy Tussag Edildi

Gannuşiniň näme sebäpli tussag edilendigi barada heniz hiç hili resmi beýannama berilmedi.

1977509
Tunisiň Mejlisiniň Ozalky Başlygy Tussag Edildi

Tunisde Nahda hereketiniň lideri we Mejlisiň ozalky başlygy Raşid Al Gannuşi 48 sagatlyk möhlediň dolmagyndan soň tussag edildi.

17-nji aprelde agzaçar wagty howpsuzlyk güýçleri tarapyndan öýüne guralan operasiýada saklanan Gannuşi, 48 sagatlyk möhlediň dolmagyndan soň şu gün ir ertir tussag edildi.

Nahda hereketine agza aklawçy Habis bin Sidhum, sosial mediadan beren habarnamsynda, Gannuşi bilen birlikde ýene-de 11 adam hakynda işiň gozgalandygyny ýatlatdy.

Gannuşi bilen birlikde saklanan Nahda hereketiniň tanymal ýolbaşçylaryndan Muhammed al Kumani we Bilkasym Hasan bilen hereketiň beýleki 6 agzasynyň bolsa boşadylandygy nygtaldy.

Gannuşiniň näme sebäpli tussag edilendigi barada heniz hiç hili resmi beýannama berilmedi.

 

 

 



Degişli Habarlar