NATO Iň Uly Kiber Goranyş Türgenleşigini Geçirýär

Düýn başlan türgenleşik 21-nji aprele çenli dowam eder.

1976910
NATO Iň Uly Kiber Goranyş Türgenleşigini Geçirýär

NATO 38 ýurtdan 3 müňden gowrak hünärmeniň gatnaşmagynda dünýäniň iň uly kiber goranyş türgenleşigini geçirýär.

Her ýyl geçirilýän we “Gulply Galkanlar” atly türgenleşige Estoniýa ýer eýeçiligini edýär.

NATO-dan berlen beýannama görä, düýn başlan türgenleşik 21-nji aprele çenli dowam eder.

Türgenleşikde kompýuter ulgamlary, real wagt hüjümlere garşy gorajak, agyr ýagdaýlarda kabul ediljek taktiki we strategiki kararlar simulasiýa ediler.

Hünärmenler türgenleşige gök we gyzyl toparlar görnüşinde gatnaşýar.

NATO CCDCOE ýurtlary bilen hyzmatdaş ýurtlardan ybarat gök topar, 400 guramaçynyň taýarlan 5 müň 500-den gowrak wirtual ulgamda kazyýet, hukuk we köpçülikleýin habar beriş serişdelerine abanýan howplary garşy çäre görer. Toparlar hakyky durmuşda we ýokary basyş astynda ulgamlaryny goramak üçin nameler edip biljekdiklerini görkezer.


Etiketkalar: #türgenleşik , #kiber , #NATO

Degişli Habarlar