Liwanda Ykdysady Krizis Sebäpli Saýlawlar Ikinji Gezek Yza Süýşürildi

Liwandaky ýerli saýlawlaryň adaty şertlerde 2022-nji ýylyň 15-nji maýynda geçirilmelidi.

1976665
Liwanda Ykdysady Krizis Sebäpli Saýlawlar Ikinji Gezek Yza Süýşürildi

Liwanyň Mejlisi, ykdysady krizis sebäpli ýerli saýlawlaryň ýene-de bir ýyl yza süýşürilmegi hakynda karar kabul etdi.

Mesele hakynda berlen ýazmaça beýannamada, ýerli saýlawlar meselesinde ýapyk oturlyşygyň geçirlendigi nygtaldy.

Oturlyşykda geçirlen sese goýulşykda, sesleriň köplügi bilen ýerli saýlawlarlaryň maliýe çökgünlük sebäpli 2024-nji ýylyň 31-nji maýynda geçirilmegi hakynda kararyň kabul edilendigi ýatladyldy.

Liwandaky ýerli saýlawlaryň adaty şertlerde 2022-nji ýylyň 15-nji maýynda geçirilmelidi.

Emma Mejlis, saýlawlary 2023-nji ýylyň 15-nji maýynda geçirilmegi hakynda karar kabul edipdi.



Degişli Habarlar