Eýran: Ysraýylyň Eýrana garşy kiçijek hem hereketi Tel Awiwiň we Haýfanyň weýran bolmagyna elter

Eýran: "Ysraýylyň Eýrana garşy kiçijek hem hereketi Tel Awiwiň we Haýfanyň weýran bolmagyna sebäp bolar" diýip aýtdy

1976704
Eýran: Ysraýylyň Eýrana garşy kiçijek hem hereketi Tel Awiwiň we Haýfanyň weýran bolmagyna elter

Eýranyň Prezidenti Ibrahim Reisi Ysraýylyň ýurdunyň howpsuzlygyna garşy iň kiçijek hem hereketiniň Tel Awiwiň we Haýfanyň weýran bolmagyna sebäp boljakdygyny habar berdi. 

Eýranyň Prezidenti Ibrahim Reisi, paýtagt Tähranda Goşun güni mynasybetli geçirilen harby ýöriş dabarasynda eden çykyşynda, Eýranyň goşunyny ynkylapa garşy bolan elementlere, tekfir toparlaryna we duşmanlara garşy güýçli bir päsgelçilik hökmünde häsýetlendirdi. 

ABŞ başda bolmak bilen sebitden daşary güýçleriň Ýakyn Gündogarda durnuksyzlyga sebäp bolýandygyny we şol güýçleriň sebiti iň gysga wagtda terk etmeginiň gerekdigini aýdan Reisi, Eýranyň Ýaragly güýçleriniň sebitdäki barlygynyň bolsa howpsuzlyga goşant goşýandygyny belledi. 

Çykyşynda ýurduna garşy Ysraýylyň hökümeti tarapyndan berilýän hüjüm bilen bagly hemleleriň üstünde durup geçen Reisi: "Sionist režim başda bolmak bilen duşmanlar, ýurda garşy iň kiçijek hem hereketiň Eýranyň Ýaragly güýçleriniň berk garşylygy bilen netijelenjekdigini we onuň Haýfa we Tel Awiw şäherleriniň weýran bolmagy bilen netijelendigi baradaky ýüzlenmäni aldylar" diýip aýtdy. 



Degişli Habarlar