Tunisde Mejlisiň Ozalky Başlygy Raşid Al Gannuşi Saklandy

Nahda hereketiniň lideriniň gyssagly boşadylmagy islendi.

1976257
Tunisde Mejlisiň Ozalky Başlygy Raşid Al Gannuşi Saklandy

Tunisde Nahda hereketiniň lideri we Mejlisiň ozalky başlygy Raşid Al Gannuşiniň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan öýüne guralan operasiýadan soň saklanandygy nygtaldy.

Nahda hereketiniň ýolbaşçylaryndan biri bolan ozalky Daşary işler ministri Refik Abdusselam, Facebook arkaly beren habarnamasynda, Gannuşiniň öýüne guralan operasiýadan soň saklanandygyny habar berdi.

Nahda hereketi tarapyndan berlen ýazmaça beýannamada bolsa ýurtdaky oppozisonerlere, syýasatçylaryň hak-hukuklarynyň we azatlyklarynyň basgylanmagyna garşy bilelikde tagalla edilmegi üçin çagyryş berildi.

Beýannamada, Gannuşiniň saklanmagynyň diýseň howplydygy nygtaldy we waka ýazgaryldy.

Beýannamada Nahda hereketiniň lideriniň gyssagly boşadylmagy islendi.

Gannuşiniň saklanmagy meselesinde resmilerden heniz hiç hili beýannama berilmedi.



Degişli Habarlar