Emmanuel Makron pensiýa reformasynyň zerurdygyny öňe sürdi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron jedelleşikli pensiýa özgertmesiniň zerurdygyny beýan etdi

1976363
Emmanuel Makron pensiýa reformasynyň zerurdygyny öňe sürdi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron halka ýüzlenip eden çykyşynda, hormatly dynç alyşa çykmak ýaşynyň 62-den 64-e ýetirýän reforma garşy ýurt derejesinde geçirilýän protestleriň üstünde durup geçdi. 

Reformanyň sebäp bolan öýke-kinäni duýandygyny, emma özgertmäniň zerurdygyny aýdan Emmanuel Makron: "Her kimiň pensiýasyny kepillik astyna almak üçin oňa üýtgeşmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi zerurdy" diýip belledi. 

Makron has köp işlemegiň bütin ýurt üçin abadançylyk getirjekdigini aýtdy. 

Bahalaryň gymmatlandygyny we girdejileriň ençeme fransuza gowy ýaşamak mümkinçiligini döretmeýändigini aýdan Makron, çykyşynyň ýurduň protestlerden we iş taşlaýyşlardan uzaklaşmagyna kömek berjekdigini umyt edýändigini belledi. 

Fransiýada hökümetiň pensiýa ýaşyny 62 ýaşdan 64 ýaşa ýetirilmegini öz düzüminde jemleýän kanun taslamasy ses berilmeden Mejlisden geçiriljekdigi barada kabul edilen karardan soň, 16-njy martda köpçülikleýin protestler başlapdy. 



Degişli Habarlar