ABŞ Siriýada DAIŞ-iň ýolbaşçylarynyň biriniň öldürilendigini habar berdi

ABŞ Siriýada terror guramasy DAIŞ-iň ýolbaşçylarynyň biri bolan Abdulhadi Mahmud Al-Hajy Alini öldürendiklerini mälim etdi

1976270
ABŞ Siriýada DAIŞ-iň ýolbaşçylarynyň biriniň öldürilendigini habar berdi

ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Şu gün irden ABŞ-nyň Merkezi güýçler serkerdeligine degişli harby toparlar, Ýakyn Gündogarda we Ýewropada terrorçylykly hüjümler guramagy meýilleşdirmekden jogapkär bolan DAIŞ-iň ýolbaşçylaryndan we operasiýanyň meýilleşdirijisi bolan Abdulhadi Mahmud Al-Hajy Alini öldürdi" diýip habar berildi. 

Beýanatda operasiýanyň diňe ABŞ-nyň harby güýçleri tarapyndan dikuçar bilen amala aşyrylandygy bellenip, şol operasiýanyň DAIŞ-iň daşary ýurtly resmileri zamun almak bilen bagly maglumatlaryň esasynda amala aşyrylandygy aýan edildi. 


Etiketkalar: #ýolbaşçy , #DAIŞ , #Siriýa , #ABŞ

Degişli Habarlar