Ispaniýa Sudandaky Ilçihanasy Ýapdy

“Howpsuzlyk şertleri sebäpli Ispaniýanyň Hartumdaky ilçihanasy wagtlaýyn ýapyldy"

1976107
Ispaniýa Sudandaky Ilçihanasy Ýapdy

 

Ispaniýa, Sudanda harby goşun bilen partizan toparlaryň arasynda 15-nji aprelde bolan çaknyşyklar sebäpli paýtagt Hartumdaky ilçihanasyny wagtlaýyn ýapandygyny habar berdi.

Ispaniýanyň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, “Howpsuzlyk şertleri sebäpli Ispaniýanyň Hartumdaky ilçihanasy wagtlaýyn ýapyldy. Daşary çykmakdan gaça duruň we öýleriňizde galyň” diýildi.

Sudanyn paýtagty Hartum bilen birlikde birnäçe şäherde 15-nji aprelde ir ertir Sudanyň harby goşuny bilen partizan toparlaryň arasynda çaknyşyklar başlapdy.

Bütin dünýä saglygy goraýyş guramasy sebitdäki çaknyşyklarda azyndan 83 adamyň ýogalandygyny, 1126 adamyň hem ýaralanandygyny mälim edipdi.


Etiketkalar: #Sudan , #ilçihana , #Ispaniýa

Degişli Habarlar