Russiýa Kanadanyň 333 raýatyny sanksiýa sanawyna aldy

Russiýanyň Daşary işler ministrligi syýasy ýolbaşçylar bilen birlikde Kanadanyň 333 raýatynyň ýurda girmegine gadagançylyk girizilendigini habar berdi

1974339
Russiýa Kanadanyň 333 raýatyny sanksiýa sanawyna aldy

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Kanadanyň hökümediniň rus resmilerine, metbugat işgärleirne, hünärmenlere we türgenlere garşy dowamly häsýetde sanksiýa girizýändigi bellendi. 

Şol sebäpli Kanadanyň 333 raýatynyň sanksiýa sanawyna girizilip, Russiýa girmeklerine gadagançylyk girizilendigi bellenen beýanatda, şol adamlaryň atlary bolan sanaw çap edildi. 

Sanawda tapawutly syýasatçylar bilen birlikde parlamentiň agzalary, aktiwistler we türgenler bar. 

Russiýa we Kanada biri-birleriniň raýatlaryna garşy wagtal-wagtal sanksiýa girizýär. 


Etiketkalar: #raýat , #sanksiýa , #Kanada , #Russiýa

Degişli Habarlar