Norwegiýa 15 Rus Diplomatyny Ýurtdan Çykarar

Norwegiýa Russiýanyň İlçihanasynda işleýän 15 diplomaty “içalylyk edýändigi” şübhesi bilen ýurtdan çykarmak hakynda karar kabul etdi.

1974949
Norwegiýa 15 Rus Diplomatyny Ýurtdan Çykarar

Daşary işler ministri Anniken Huitfelt beren beýannamasynda kararyň; “Norwegiýada rus howpsuzlyk işlerinin çägini daraltmak we oňa garşy göreşmek, şeýlelikde milli bähbitleri goramak üçin möhüm çäredigini” aýtdy.

“Islenmeýän adam” yglan edilen 15 rus diplomatynyn gysga möhletde ýurtdan çykmalydygyny nygtan Huitfelt; “Norwegiýa wyza üçin ýüz tutan howpsuzlyk gullukçylaryna wyza bermeris” diýdi.

Huitfelt hökümetiň bu karary belli bir waka sebäpli kabul edip etmändigi hakynda maglumat bermän, höklümetiň İçerki howpsuzlyk gullugy PST-niň mesele hakynda degişli beýannamany berjekdigini aýtdy.

Ýurtdan çykaryljak diplomatglaryň işlerinin “diplomatlyk wezipelerine bap gelmeýändigi nygtalan bolsa, Huitfelt; “Adaty diplomatlardan däl, diplomatlyk derejesi bilen iş alyp barýan howpsuzlyk gullukçylary hakynda aýdýarys” diýdi.

Beýleki tarapdan Russiýanyň Norwegiýadaky ilçihanasy karary “iňňän duşmançylykly başlangyç” hökmünde häsýetlendirip, oňa “degişli gaýtawulyň” görkeziljekdigini habar berdi.

 



Degişli Habarlar