Çili hepdelik iş wagtyny 40 sagada çenli azaldar

Çili hepdelik iş wagtyny 45 sagatdan 40 sagada çenli azaldar

1973761
Çili hepdelik iş wagtyny 40 sagada çenli azaldar

Çiliniň Döwlet baştutany Gabriel Boriçiň ýolbaşçylygyndaky hökümet tarapyndan mejlise hödürlenen we 14 sesiň garşysyna 127 ses bilen kabul eilip, güýje giren kanun  taslamasy, ýurtdaky hepdelik iş wagtyny tapgyrlaýyn häsýetde 5 ýylyň içinde 45 sagatdan 40 sagada çenli azaltmagy göz öňünde tutýar. 

Ses bermek bilen bagly beýannama beren Çiliniň Zähmet ministri Žanett Hara: "Şu gün käbir töwerekler tarapyndan mümkin däl ýaly görünsede, zähmet çekýän raýatlarymyzy durmuşlarynyň hilini ýokarlandyrmak üçin ädim etmegiň mümkin bolup biljekdigini görkezdi" diýip habar berdi. 

Çiliniň Döwlet baştutany Gabriel Boriç ses bermek işlerinden ozal sosial mediýa hasabyndan beren beýanatynda, kanun taslamasynyň ýurtda has giňişleýin adalat düşünjesi üçin möhüm bir ädimdigini belläp: "Hepdelik iş wagtynyň 40 sagada çenli azaldylmagy ýaly kadalaşdyrmanyň, adalatly we doly durmuşa eýe bir Çili döwletine ýetmek üçin zerurdygyna şübhäm ýok" diýip belläpdi. 

Täze kanuna görä hepdelik iş wagty 1-nji ýylda 44 sagada, 3-nji ýylda 42 sagada we 5-nji ýylda bolsa 40 sagada çenli azaldylar. 

Çilide hepdelik iş wagty 2005-nji ýylda 48 sagatdan 45 sagada çenli azaldylypdy. 


Etiketkalar: #zähmet , #iş wagty , #Çili

Degişli Habarlar