Kanada Russiýa garşy sanksiýa girizer

Kanadanyň Premýer ministri Jastin Trýudo, Kanadanyň 14 rus raýatyna we 34 guramadyr-edara garşy sanksiýa girizjekdigini we Ukraina täze harby kömek bukjasynyň beriljekdigini mälim etdi

1973726
Kanada Russiýa garşy sanksiýa girizer

Kanadanyň Premýer ministri Jastin Trýudo bilen Ukrainanyň Premýer ministri Denis Şmigal Kanadanyň Toronto şäherinde duşuşyk geçirdiler. 

Geçirilen duşuşykdan soň Kanadanyň Premýer ministri Jastin Trýudo Kanadanyň Ukrainany basyp almaga synanyşmagy sebäpli Russiýa garşy täze sanksiýalar girizjekdigini we Ukraina täze harby kömek bukjasyny berjekdigini habar berdi. 

Jastin Trýudo Kanadanyň Ukraina 21 müň tüpeň, 38 pulemýot we 2,4 million ok ugratjakdygyny belläp, aralarynda rus hakyna tutma esger kärhanasy Wagnere degişli adamlar hem bolan 14 adama we 34 guramadyr-edara sanksiýa girizjekdigini mälim etdi. 

Zerur boldugy saýyn Ukraina her dürli goldawyň beriljekdigini aýdan Jastin Trýudo, Kanadanyň mundan başgada Russiýanyň sanksiýalardan geçmegini üpjün edýän Belarussiýada ýerleşýän 9 maliýe guramasyna garşy hem sanksiýa girzilendigini aýan etdi. 

Kanada 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri Ukraina maliýe, harby, ynsanperwer we beýleki kömekleriň çäginde 8 milliard Kanada dollaryndan gowrak kömek berdi. 



Degişli Habarlar