Iordaniýanyň Şasy Ýaponiýada Saparda Bolýar

Abdullah bilen Kişida Ýakyn Gündogar, Yrak, Siriýa bilen Gündogar Aziýa ýaly birnäçe mesele hakynda pikir alyşdy.

1973518
Iordaniýanyň Şasy Ýaponiýada Saparda Bolýar

Ýaponiýa bilen Iordaniýa, Palestina-Ysraýyl dartgynlygynyň möwjemeginiň öňüniň alynmagy üçin “iki döwletli çözgüde” zeper ýetirjek hereketlerden gaça durulmalydygyny nygtady.

Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kişida Fumio resmi sapar bilen ýurduna gelen Iordanyýanyň Şasy Abdullah II bilen duşuşdy.

Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannama göräi Şa Abdullah bilen Kişida duşuşykda özara gatnaşyklar we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

Kişida duşuşykda, Palestina bilen Ysraýylyň arasyndaky dartgynlygyň möwjemegine alada bildirdi we Iordaniýanyň Ierusalimdaky mukaddes ýerler meselesindäki rolynyň möhümdigini ýatlatdy.

Kişida ady agzalýan dartgynlygyň gowşamagy üçin Iordaniýadan, Müsürdan, ABŞ-dan, Ysraýyldan we Palestinadan ybarat bäştaraplaýyn toparyň edýän tagallalaryndan hoşaldygyny belledi.

Liderler, dartgynlygyň möwjemeginiň öňüniň alynmagy üçin “iki döwletli çözgüde” zeper ýetirjek hereketlerden gaça durulmalydygyny nygtady.

Abdullah bilen Kişida Ýakyn Gündogar, Yrak, Siriýa bilen Gündogar Aziýa, Hytaý we Demirgazyk Koreýa ýaly birnäçe mesele hakynda pikir alyşdy.



Degişli Habarlar