Braziliýanyň Prezidenti Hytaýda Saparda Bolar

Lula da Silwa aprel aýynyň 12-15-i aralygynda Pekinde resmi saparda bolar.

1973150
Braziliýanyň Prezidenti Hytaýda Saparda Bolar

Braziýanyň Prezidenti Luis İnasio Lula da Silwanyň Hytaýda saparda boljakdy habar berildi.

Hytaýyň Daşary işler ministrliginden berlen beýannama görä, Lula da Silwa aprel aýynyň 12-15-i aralygynda Pekinde resmi saparda bolar.

Braziliýanyň Prezidenti saparynyň çäginde hytaýly kärdeşi Si Sizinpin we beýleki ýolbaşçylar bilen duşuşar.

Lula da Silwa, geçen aýyň ahyrynda Hytaýa guramagy meýilleşdiren saparyny saglyk ýagdaýy sebäpli yza süýşüripdi.

Braziliýada 2022-nji ýylda geçirlen prezident saýlawynda üstünlik gazanan Lula da Silwa, 1-nji ýanwarda kasam edip wezipesine başlapdy.

Braziliýa, Hytaýa demir pudagynyň başda durmagynda köp mukdarda çig madda we oba hojalyk önümlerini eksport edýär.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar