Eýranda gyz okuwçylar zäherlendi

Eýranyň Sakkyz şäherinde ýerleşýän Miraj gyzlar liseýinde bilim alýan okuwçylaryň himiki gaz bilen zäherlenendikleri öňe sürüldi

1972351
Eýranda gyz okuwçylar zäherlendi

Sosial mediada paýlaşylan materiallara görä, liseýe gelen ene-atalar bilen howpsuzlyk gullukçylarynyň arasynda dartgynlyk başdan geçirildi. 

Okwuçylaryň zäherlenmegini protest eden şäheriň ýaşaýjylary, mekdepde asyk bolan Eýranyň baýdagyny aýyrdylar, ýurduň dini lideri Ali Hamaneýe garşy şygarlar aýtdylar. 

Wideo we surat materiallarynda mekdebe gelen tiz kömek ulaglary bilen birlikde ene-atalaryň öz mümkinçilikleri bilen çagalaryny hassahanalara alyp gidendiklerini görüp bolýar. 

Azyndan 47 okuwçynyň hassahanalara ýatyrylandygy, 20-den gowrak okuwçynyň saglyk ýagdaýynyň tankydydygy öňe sürüldi. 

Resmiler tarapyndan mesele bilen bagly entek beýanat berilmedi. 

Tähranda 2022-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda ahlak polisiýasy tarapyndan göz tussaglygyna alynanyndan soň, saglyk ýagdaýy erbetleşen we hassahana ýatyrylan 22 ýaşyndaky Mahsa Emininiň 16-njy sentýabrda ýogalmagy ýurtda halk köpçüliginiň nägilelikler bildirmegine sebäp döredipdi. 

Mahsa Emini üçin 17-nji sentýabrda Sakkyz şäherinde geçirilen jynaza çäresinden soň başlan protestler ýurduň ençeme şäherine ýaýrady. 

Eýranda 2022-nji ýylyň 30-njy noýabryndan bäri esasan hem gyz okuwçylaryň bilim alýan mekdeplerde köpçülikleýin zäherlenme wakalary başdan geçirilýär. Häzirki wagta çenli 238 aýry mekdepde 5 müňden gowrak gyz okwuçy zäherlendi. 

Okwuçylarda dem alyş kynçylyklary, ýürek bulanma, kelle agyry we el-aýaklaryň çişmegi ýaly alamatlar hasaba alyndy. 

Eýranyň Içeri işler ministrligi 11-nji martda beren ýazmaça beýanatynda, ýurt derejesindäki mepdelerde köpçülikleýin zäherlenme wakalary bilen arabaglanşyklydygy çak edilýän 100-den gowrak adamyň göz tussaglygyna alynandygyny habar beripdi. 



Degişli Habarlar