Fransiýanyň Prezidenti Makron Hytaýda Saparda Bolýar

Makron saparynyň çäginde Hytaýyň Premýer-ministri Li Çan bilen duşuşdy.

1971042
Fransiýanyň Prezidenti Makron Hytaýda Saparda Bolýar

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron resmi sapar bilen Hytaýa bardy.

Makron saparynyň çäginde Hytaýyň Premýer-ministri Li Çan bilen duşuşdy.

Hytaýyň Premýer-ministri bilen Ukrainada we dünýäde başdan geçirilýän çaknyşyklar we kynçylyklar hakynda pikir alyşmak isleýändigini aýdan Maron, çaknyşyklaryň bes edilmegi we kynçylyklaryň ortadan aýrylmagy üçin birlikde hereket edilmeginiň diýseň möhümdigine ünsi çekdi.

Fransiýanyň 2025-nji ýylda ummanlar bilen arabaglanşykly halkara derejesinde konferensiýa geçirjekdigini ýatladan Makron, Hytaýyň hem şol guramaçylyga gatnaşmalydygyny belledi.

Hytaýyň Premýer-ministri Li bolsa döwlet Ýolbaşçysy Si Sizinpin bilen Makronyň ylalaşyp biljekdigini nygtady.

Fransiýanyň Prezidenti Makron düýn paýtagt Pekinde Hytaýyň döwlet Ýolbaşçysy Si Sizinpin bilen bolan duşuşygynda, Ukrainada parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin birlikde tagalla edilmegini isleýändigini aýtdy.



Degişli Habarlar