Bahmut şäherinde alym-berdimli söweşler dowam edýär

Ukrainada takmynan 14 aý bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşiniň çäginde iň güýçli çaknyşyklar Donetsk sebitindäki front liniýasynda dowam edýär

1970964
Bahmut şäherinde alym-berdimli söweşler dowam edýär
bahmut ukrayna askeri.jpg
bahmut ukrayna.jpg
ukrayna askeri bahmut.jpg

Iki ýurduň goşunlarynyň arasyndaky çaknyşyklar Lugansk, Harkow, Herson we Zaparožýe welaýatlarynda dowam etmek bilen birlikde, Donetsk sebitiniň Bahmut, Awdeýewka, Marinka we Ugledar ugurlarynda hem söweşler başdan geçirilýär. 

Ukrainanyň goşunynyň geçen ýyl Herson bilen Harkow ugurlarynda we Donetsk sebitiniň Liman şäherinde guran garşylyklaýyn hüjümlerinden soň, indi bolsa iň aldym-berdimli söweşler Donetsk sebitinde başdan geçirilýär. 

Strategik ähmiýete eýe bolan Bahmut şäherinde eýýäm ençeme aý bäri çaknyşyklar dowam edýär. 

Russiýanyň harby güýçleriniň 3 aýry ugurdan gaban we şäheriň içinde çaknyşyklaryň dowam edýän Bahmut şäheri, Ukrainada söweşiň gulplanan ýerine öwrüldi. 

Esasan hem Awdeýewka we Marinka bilen iň berk çaknyşyklaryň dowam edýän ýeri hökmünde bilinýän Bahmut frontynda barha artýan harby işjeňlikler ünsleri özüne çekýär. 

Tanklaryň, pyýada goşuny daşaýan sowutly ulaglaryň we beýleki ulaglaryň ýokary tizlik bilen hereket edýän ýeri bolan sebitde dowamly häsýetde partlamalar bolýar. 



Degişli Habarlar