Donald Tramp kazyýetiň öňüne çykdy

Özüne garşy jenaýat işi gozgalan ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp kazyýetiň öňüne çykdy

1970256
Donald Tramp kazyýetiň öňüne çykdy

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp uly ýaşly kino aktýory Stormi Danielse 2016-njy ýylda geçirilen Prezident saýlawynda gürlemezligi üçin töleg bermegi bilen baglanşykly gozgalan kazyýet işiniň çäginde ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde kazyýetiň öňüne çykdy. 

Donald Tramp "Trump Tower" binasyndan ilki bilen Manhetten Jenaýat kazyýetine soň bolsa, şol bir binada ýerleşýän Manhetten Sebitleýin Prokuratura geçdi. 

Tramp kazyýetden ozal "Truth Social" saýtynyň üsti bilen beren beýanatynda: "Manhettene, Adalat binasyna gidýäris. Bu gaty sýurreal görünýär. Eýwaý meni tussag etjekler. Bularyň ABŞ-da bolýandygyna ynanyp bilemok" diýip belledi. 

Donald Trampyň kazyýet binasyna barmaklarynyň yzy alyndy we surata düşürildi. 

Donald Tramp kazyýet diňlenşiginde özüne garşy ýöňkelen günäkärlemeleri diňläninden soň 34 aýyplamany ret etdi. 

ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Donald Tramp, özüne garşy gozgalan kazyýet diňlenşigi Nýu-Ýorkda 4-nji dekabrda geçiriler. 

2024-nji ýylda geçiriljek Prezident saýlawyna dalaşgär bolan Donald Tramp, günäkärlemeler sebäpli kazyýetiň öňüne çykan ilkinji ozalky Prezident boldy. 

Kazyýet diňlenşiginiň geçiriljek Manhettendäki kazyýet binasynyň töwereginde giň gerimli howpsuzlyk çäreleri görüldi. Sebite diňe aklawçylaryň we metbugat işgärlerini girmegine rugsat berildi. 



Degişli Habarlar