Peskow: "Finlýandiýa garşy çäre göreris" diýdi

Dmitriý Peskow paýtagt Moskwa şäherinde metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Finlýandiýanyň NATO agzalygynyň üstünde durup geçdi

1969763
Peskow: "Finlýandiýa garşy çäre göreris" diýdi

Russiýanyň Döwlet baştutanynyň Metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, Finlýandiýanyň NATO-nyň düzümine goşulmagynyň ýagdaýy has hem dartgynlaşdyrjakdygyny belläp: "Öz taktiki we strategiki howpsuzlygymyzy üpjün etmek üçin garşy çäreleri göreris" diýip belledi.

Dmitriý Peskow paýtagt Moskwa şäherinde metbugat işgärlerine beren beýanatynda, Finlýandiýanyň NATO agzalygynyň üstünde durup geçdi. 

NATO-nyň giňelmegine Russiýanyň bähbitleri we howpsuzlygy taýdan oňaýsyz garaýandyklaryny aýdan Peskow: "Onuň ýagdaýy has hem dartgynlaşdyrjakdygyny pikir edýäris. NATO ençeme ugur boýunça Russiýa duşmançylyk bilen çemeleşýän bir gurama bolmaga dowam edýär" diýip belledi. 

Russiýanyň Finlýandiýanyň NATO agzalygy babatynda biri-birinden tapawutly ädimler etjekdigini aýdan Peskow: "Öz taktiki we strategiki howpsuzlygymyzy üpjün etmek üçin garşy çäreleri göreris. Şol çäreleri zerur hasaplan mahalymyz göreris" diýip nygtady. 

Peskow NATO-nyň infrastrukturasynyň we ýaraglarynyň Finlýandiýada ýerleşdirilmegi bilen baglanşykly tapgyra ýakyndan gözegçilik etjekdiklerini habar berdi. 

Ukrainanyň NATO agza bolmak bilen bagly tapgyry bilen Finlýandiýanyň arasynda uly tapawutlylyklaryň bardygyny aýdan Peskow, iki ýurduň arasyndaky ýagdaýy deňeşdirilmeginiň mümkin däldigini beýan etdi. 



Degişli Habarlar