Finlýandiýada Halk Ertir Parlament Saýlawlary Geçiriler

Finlýandiýadaky syýasy partiýalar mejlisdäki 200 kürsi üçin bäsleşerler.

1968363
Finlýandiýada Halk Ertir Parlament Saýlawlary Geçiriler

Ýurtda partiýalaryň mejlisde wekilçilik edilmekleri üçin saýlaw çäklendirmesi ýok, emma syýasy partiýalaryň gazna goldawyndan peýdalanmagy üçin 2 göterimden gowrak ses alma şerti bar.

Finlýandiýanyň metbugatynda neşir edilen soňky sowalnama görä Sosial demokratlaryň liderlik edýän häzirki 5 partiýadan ybarat bolan hökümetiň iş başyna gelme ähtimallygy pes görünýär.

Bilermenler 2019-njy ýyldaki saýlawda bir-birine ýakyn mukdarda ses alan üç partiýadan haýsynyň birinji boljakdygy boýunça çaklama bermekden çetde durýar.

Soňky sowalnamalar Milli koalisiýa partiýasynyň ses mukdarynyň 20,8 göterimini, Sosial demokrat partiýanyň 19,9 göterimini we milletçi Hakyky finler partiýasynyň 19 göterimini aljakdygyny görkezýär.

 



Degişli Habarlar