Amerilkan Goşuny Tährana Garşy Birnäçe Harby Alternatiw Taýýarlady

Bu barasynda BŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy, goşun Mark Milleý habar berdi.

1966630
Amerilkan Goşuny Tährana Garşy Birnäçe Harby Alternatiw Taýýarlady

ABŞ-nyň Baş ştabynyň başlygy, goşun Mark Milleý Eýran ýadro ýaragyny öndürmek hakynda karar kabul eden halatynda Amerikan goşunlarynyň resmi Tährana garşy birnäçe harby alternatiw taýýarlandygyny aýtdy.

Milleý ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Astin bilen Senatda Ýaragly güýçler komitetiniň 2024-nji maliýe ýylynyn goranyş býujeti boýunça maslahatyna gatnaşdy.

Eýranyň sebitde durnuksyzlyga sebäp bolýan işlere girişýändigini we Amerikan esgerleriniň ýerleşýän bazalaryna hüjümler guraýandygyny gürrüň beren Milleý, Eýranyň iki hepdäniň dowamynda ýadro ýarag üçin gerek bolan fisil maddany öndürip biljekdigini beýan etdi.

Milleý; “Şondan soň bolsa doly ýadro ýaragyny öndürmek üçin diňe birnäçe aý gerek bolar. ABŞ, syýasy taýdan Eýranyň ýadro ýaragyny öndürmegine ýol bermezlikde ygrarly. Amerikan goşuny Eýran ýadro ýaragyny öndürmäge karar beren halatynda hökümetiň garamagyna birnä harby alternatiw gödürlär” diýdi.

 



Degişli Habarlar