Saraýewoda bomba howsalasy başdan geçirilýär

Bosniýa-Gersegowinanyň paýtagty Saraýewo şäherindäki ençeme mekdepde, bomba howpsalasy sebäpli sapaklar ýatyryldy

1966373
Saraýewoda bomba howsalasy başdan geçirilýär

Saraýewo Kantonynyň Içeri işler ministrliginden berilen beýanatda, şu gün irden ençeme mekdepde bombanyň bardygy barada elektron poçtadan hat gelendigi, şol sebäpli degişli mekdeplerde okuwçylaryň öýlerine ugradylyp, bilime arakesme berilendigi mälim edildi. 

Beýanatda polisiýa gullugynyň mekdeplerde derňew işler geçirýändigi bellenip, wakanyň Saraýewo Kantonynyň Prokuraturasyna geçirilendigi we gerek bolan çäreleriň görülýändigi habar berildi. 

Saraýewoda ýaşaýanlara arkaýyn we sabyrly bolmaklary barada çagyryş berilen beýanatda, bomba howsalasynyň Saraýewonyň häkimlik kazyýetinde we käbir fakultetlerde hem başdan geçirilendigi aýan edildi. 

Saraýewoda ozal hem ençeme gezek bomba howsalasy başdan geçirilipdi, emma öňe sürmeler esassyz bolupdy. 



Degişli Habarlar