BMG, Ýadro Dartgynlygyna Alada Bildirýär

Dužarriç, dartgynlyga sebäp bolup biljek hereketlerden gaça durulmalydygyny nygtady.

1965958
BMG, Ýadro Dartgynlygyna Alada Bildirýär

BMG, Russiýanyň Belarusa taktiki ýadro ýarag ornaşdyrmak meýilnamasy hakynda beren beýannmasynda, agza ýurtlaryň, Ýadro ýaraglaryň ýaýramagynyň öňüniň alynmagy şertnamasyna laýyklykda hereket etmelidigini aýtdy

BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Dužarriç, gündelik metbugat ýygnagynda, ýadro ýaraglar meselesinde artýan dartgynlyga alada bildirýändiklerini belledi.

Ýadro howplaryň diýseň ýokarydygyny nygtan Dužarriç, dartgynlyga sebäp bolup biljek hereketlerden gaça durulmalydygyny nygtady.

Dužarriç, “Agza ýurtlar, Ýadro ýaraglaryň ýaýramagynyň öňüniň alynmagy şertnamasyna laýyklykda hereket etmeli. Şertnamanyň jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmeli” diýdi.

Ukrainanyň BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň nobatdan daşary ýagdaýda jemlenişmegi üçin beren çagyryşy barada hem durup geçen Dužarriç, maslahatyň şu hepde geçiriljekdigini aýtdy.

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin, 25-nji martda, Belarusa taktiki ýadro ýaragyny ornaşdyryp biljekdiklerini nygtap, “Muny ýadro ýaraglaryň ýaýramagynyň öňüniň alynmagy bilen arabaglanşykly halkara jogapkärçiliklerine laýyklykda amala aşyrarys” diýipdi.

NATO bilen ÝB Russiýanyň bu kararyna berk reaksiýa görkezdi.

Ukrainanyň Daşary işler ministrligi hem BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň nobatdan daşary ýagdaýda jemlenişmegini talap edipdi.



Degişli Habarlar