Ukraina: "Putin Belarussiýany ýadro taýdan zamun aldy" diýdi

Putin Belarussiýada taktiki ýarag ornaşdyrjakdyklaryny belläp: "Ony ýadro ýaraglaryň ýaýradylmazlygynyň öňüniň alynmagy bilen baglanşykly halkara jogapkärçiliklerimiziň düzgünini bozmadan ýerine ýetireris" diýip aýdypdy

1965192
Ukraina: "Putin Belarussiýany ýadro taýdan zamun aldy" diýdi

Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranmak senagaty geňeşiniň başlygy Oleksiý Danilow, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň Belarussiýada taktiki ýadro ýarag ornaşdyrjakdygy bilen bagly beýannamasy barada: "Putin Belarussiýany ýadro taýdan zamun aldy" diýdi.

Ukrainanyň Milli howpsuzlyk we goranmak senagaty geňeşiniň başlygy Oleksiý Danilow sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Putiniň şol beýanatyny Belarussiýany durnuksyzlaşdyrmak bilen bagly bir ädim hökmünde häsýetlendirdi. 

Danilow: "Putiniň Belarussiýada taktiki ýadro ýarag bilen bagly beýanaty Russiýanyň we Putiniň Belarussiýa jemgyýetindäki oňaýsyz düşünjäni we halkyň oňlamazlygyny iň ýokary derejä ýetirer. Putin Belarussiýany ýadro taýdan zamun aldy" diýip belledi. 

Putin Belarussiýada taktiki ýarag ornaşdyrjakdyklaryny belläp: "Ony ýadro ýaraglaryň ýaýradylmagynyň öňüniň alynmagy bilen baglanşykly halkara jogapkärçiliklerimiziň düzgünini bozmadan ýerine ýetireris" diýip aýdypdy. 



Degişli Habarlar