Tunisde immigrantlary daşaýan gaýyk batdy

Tunisiň suw giňişliginde bikanun immigrantlary daşaýan gaýygyň batmagy netijesinde ilkinji kesgitlemelere görä 5 adam ýogaldy, 28 adam dereksiz ýitdi

1963867
Tunisde immigrantlary daşaýan gaýyk batdy

Tunisden Italiýa gitmek üçin ýola çykan bikanun immigrantlary daşaýan gaýygyň batandygy habar berildi. 

Gaýyk pajygasynda 5 afrikaly immigrandyň ýogalandygy, 28 immigrandyň bolsa dereksiz ýitendigi mälim etdi. 

Gaýykda näçe immigrandyň bolandygy entek anyk bilinnok. 

Tunisiň Sosial we ykdysady hukuklar forumynyň resmisi Romadan Ben Omar beren beýnatynda, Kenarýaka howpsuzlyk gullugynyň Tunisiň Sfaks şäheriniň suw giňişliginiň çäklerinde gaýykda bolan 5 adamyň halas edendigini, immigrantlaryň pisihiki saglyklarynyň erbetdigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar